Sahna barada maglumat

Seýitnazar Seýdi
Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ,Gahryman Arkadagymyzyň parasatly hem-de öňdengörijilikli syýasatynyň saýasynda, ýurdymyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda asyrlaryň gatlaryna  siňen ölmez-ýitmez ruhy ruhy hem medeni mirasymyzy dikeltmek, ata-babalarymyzyň mübärek mertebesini söhratlandyrmak,däp-dessurlarymyzyyol-ýörelgelerimiz,edim-gylymlarymyzy halkymyza hem-de dünýä ýaýmak ugrynda ägirt işler amala aşyryldy .

Mähriban Arkadagymyzyn taýsyz tagallasy,yhlasy bilen ýurdymyzyň haýsy künjegine ser salsaň şu topraga ykbalyny baglan,ýüregimizde hem aňymyzda müdimilik orun alan mert pederlerimiziň,ruhy sütünlerimiziň,söz ussatlarymyzyň röwşen ruhlary yadygärlik toplumlarynda, seýilgähleriň çäklerinde ör boýyna galyp dur.

Hawa, eseriň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýetilen belet sepgitlere, mübarek menzillere alkyş hem buýsanç bilen başlanmagy ýöne yerden däl.Sebäbi bu işler Watanyňa,halkyňa,geçmişiňe hem geljegiňe tüys ýürekden sarpa goýýan,il oglynyň,gerçek ogluň bitirip biljek işleridir. Ýetilen beýik sepgitlerde mertebeli menizillerde Gahryman Arkadagymyzyň  köňlüniň keremi,diliniň dogasy,hakyň hem halkyň öňünde belent hem baky sogaby bar.

Mähriban Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Biziň ata-babalarymyz berkarar döwleti,il agzybirligini,azat hem erkin ýaşaýyşy arzuwlap öçdi.Olar watan üçin,halk üçin janlaryny orta goýýan gahrymanlardyr.Watan goragy mukaddesligiň goragydyr. Oka,öwren,bil,merdanlaryň ömür yoly saňa her pursatda güyç bersin ”diýen keremli sözlerinden ylham alynyp yazylan bu eser,şeýle gahrymanlaryň biri türkmeniň serkerde şahyry Seýitnazar Seýdiniň ykbal yolyna belent hem çuňňur manyly ömür pursatlaryna bagyşlanandyr.Seydi türkmeniň Watançylyk ruhydyr,sarsmaz sütünidir. Şahyryň goşgylary adaty sözlerden dörän setirler däl-de, her bir türkmeniň  kalbynda hem  köňlünde,ykbalynda hem ömründe ebedilik orun alan sena.Ol goşgularyň many –mazmuny şahyryň il –yurduna,watanynyň dagyna-düzüne,derýasyna-deňzine,bedew atly batyrlarynyň merdana meňzine bolan söýgüsinden hem sarpasyndan,halkyň berkarar döwletine hem bagtyýar döwrine bolan  ynamyndan ybarat.Şahyryň döwriniň syýasy durmuşyna işjeň gatnaşandygyny tassyklaýan taryhy deliller az däl. Seyitnazar Seýdi öz döwriniň ogly. Öz sözi,batyrgaý pashym- paýhasy,serkerdelik ruhy bilen arşa çykan ogly.Seydiniň esasy maksady: türkmeniň döwletliligi hem agzybirligi. Onuň öz ömründe şeýle mukaddes hem manyly maksady hemme zatdan belentde goýandygyna-da göz ýetirmek kyn däl. Ony şahyryň özi açyk-aýdyň aýdýar:

“ Watan üçin çykdym gyrat üstine ,
Tä janym çykynça dönmenem begler.”

Eser-de şu pikirlerin ählisiniň üstünde durulup geçilýar.Şeýle hem eseriň birinjy bölüminde halkymyzyň gadymy däp-dessurlary,yol-ýörelgeleri    ,edim-gylymlary şöhlelendirilyär.Türkmeniň nusgawy şahyrlaryndan Zeliliniň, şahyryň obasynda tutulýan toýa gatnaşmagy,esesiň içindäki möhüm wakalaryň  biridir. Bu waka iki ägirdiň arasyndaky doganlyk gatnaşyga, sylag-hormata guwä geçýär.Seýdiniň hem Zeliliniň,halkyň şol döwürdäki taryhy-huhy ahwalyna, ykbalyna bolan garaýyşlary, isleg- arzuwlary,çözgütleri eseriň içinden erş-argaç bolup geçýär.

Diňe ot-ýalynyň içinden başyny dik tutup geçeninden soň gahryman,gahryman bolýar.Duýdansyz gelen ajal zerarly şahyr bir günde iki perzendinden aýra düşýär.Ýurdyň üstüne abanyp duran uly howupyň öňi-syrasynda bolup geçýän bu waka-da Seydini,ruhy hem göwni çökgünlikden diňe yurt agysy,watan bähbidi halas edyär.Şeýlekin belent watançylyk yaňynda şahyryň ynamam bar umydam, paýhasam bar  ygraram.

Türkmen halky,türkmen topragy onuň üçin barlygyň hem bakylygyň sarysmaz sütüni.Seydiniň ömür yolynyň bütinde gabat gelýän beýik Watançylyk   duygysy, bu günki gün biziň nesillerimiz üçin öz boluşly mekdepdir. Mertlik hem mertebe mekdebi.

Seýdi bütin durmuşyny il-halky bilen baglanyşdyryp,ömrini watanyna  bagş edendir.Şonyň üçinem bu eser  “Ýurda bagyşlanan ömrüň”  kyssasydyr.