Sahna barada maglumat

Näzli dildarym (Premýerasy)
Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry

Türkmen halkyny däp-dessursyz, milli ýol-ýörelgesiz, gülküsiz, söýgüsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Şonuň üçinem Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gylyçmyrat Kakabaýewiň bu sahna eseriniň esasy many-mazmun özeni türkmençilige ýugrulandyr. Bagta barýan menzillere ýaltalygyň, görüpligiň üsti bilen däl-de halal zähmet, açyk ýüreklilik, ýagşy niýet arkaly ýetip boljaklygy barada aýdylýan sözler, nygtalýan çuňňur manyly pikirler spektaklyň terbiýeçilik ähmiýetini hasda artdyrýar. Durmuş söýgüden başlanýar. Dünýä söýgüden başlanýar. Uzak ýyllardan bäri goňşuçylykda otyran Gyraw aga bilen Jarçynyň perzentleriniň birek-birege köňül bermekleri sebäpli garyndaşlyga uzaýan ömür pursatlary, tolgundyryjy başdan geçirmeleri, soňky bölümde ýüze çykýan gapma-garşylykda ýaşuly gahrymanlaryň tapýan dogry çözgütleri çeperçilik, şahyranalyk, wäşilik bilen beýan edilýär.

Žanr aýratynlygy “Toýdan öňki tomaşa” diýilip saýlanylan bu eser halkymyzy degişmäge-gülüşmäge çagyrýar, toya çagyrýar.