Sahna barada maglumat

Kör garga
A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry

A.Işangulyýew
“Kör garga”
Türkmen halk ertekisi esasynda

 

Spektakl türkmen halk ertekisi esasynda goýuldy.

Garry babanyň we mamanyň günde güne serip goýýan gurtlary ogurlanýar. Onuň kimdigini biljek bolup garry baba sakçylyk çekýär. Ahyry ol ogryny― kör gargany ele salýar. Kör garga babadan özüni goýbermegini, goýberse ýagşylyk etjekdigini aýdyp ýalbarýar. Oňa nebsi agyran baba, gargany gaýdyp gurt ogurlamaga gelmejekdigini söz berdirip, azatlyga goýberýär.

Kör garga wadasynda durýar. Ol baba dürli jadyly zatlar sowgat edýär. Emma husyt, nebsine ejiz baý onuň sowgatlaryny hile bilen elinden alýar. 

Kör garga baba beren ähli sowgadyny yzyna alyp berýär. 

Spektakl ýagşylyk etmek barada.