Bu sahna oýny Taýhajygyň durmuşyndan söhbet açýar. Ol özüniň halal zähmeti bilen gün-güzeranyny dolandyryp ýör. Ýöne ol bir gün mekir Alaka aldanyp, egri ýola düşenini duýman galýar. Taýharjyk ýeňil eklenje ymtylyp, ogurlyga ýüz uranyny aňyp ökünýär. Aljyraňňylyga düşüp, näme etjegini bilenok. Hernä Alabaý bilen Pişik kömege ýetişýär. Şondan soň oýun has hem dartgynly häsiýete eýe bolýar.
Bu gurjak oýnunda ogurlygyň, mekirligiň ýol almaýandygy, diňe halal zähmetiň rehnet getirýändigi özüniň aýdyň beýanyny tapýar.