Sahna barada maglumat

Prostokwaşinaly üçler
A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry

E.Uspenskiý

Prosokwaşinaly üçler

N.Laukerdiň sahnalaşdyrmagynda

 

Fýodor daýy diýseň haýwanlary gowy görýär. Şäherdäki öýlerinde saklamaga hiç hili şert bolmansoň, Fýodor daýy oba, Prostokwaşina gidýär. Ol ýerde olMatroskin atly pişik bilenŞarik atly güjük bilen dostlaşýar. Olar üç bolup bileje ýaşap başlaýarlar. Soň bu dostlara garga çagajygy hem goşulýar.  

Matroskiniň talap etmegi bilen bular sygyr satyn alýarlar. Sygyr almak üçin bolsa olar hazyna gözläp tapýarlar. 

Şarik üçin Fýodor daýy surat alýan tüpeň sargaýar. Emma bularyň hiç hili şahsyýetlerini anyklaýan resmi hatlary bolmansoň, Peçkin  surat alýan tüpeňli posylkany berenok. Ýöne ugurtapyjy dostlar bu ýagdaýdan hem baş alyp çykýarlar. Şarik surat alýan tüpeňli bolýar. 

Oýun dostluk, haýwanlary söýmek barada.