Sahna barada maglumat

Ädikli pişik
A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry

Ş.Perro
“Ädikli pişik”
Şuwalowanyň sahnalaşdyrmagynda

Meşhur fransuz ýazyjysy Şarl Perronyň dünýä çagalar edebiýatynyň altyn fonduna giren eserleri elmydama gowulyk bilen tamamlanýar. Ýagşylyk, ýamanlykdan üstün çykýar. Ine bu ertekide şolar ýaly. Eýesine wepaly Pişik, öz hojaýyny ― degirmençiniň ogluna söýgüsini tapyp, ummasyz baýlyga eýe bolmaga kömek edýär. Onuň üçin ol rehimsiz, dürli keşplere girmäge ukyply, adamhor Karabasdan hilegärlikde üstün çykýar.  

Spektakl haýwanlary söýmek, dostluk, wepalylyk barada.