Sahna barada maglumat

Pişijek miýawlamany nähili öwrendikä?
Türkmen döwlet gurjak teatry

M.Hudaýberdiýewiň “Pişijek miýawlamany nähili öwrendikä?” atly gurjak oýny.

Bu gurjak oýnundaky waka bag-bakjaly, gülälekli meýdanda gam-gussa batyp, aglap oturan Pişijegiň durmuşyndan söhbet açýar. Ol ejesiniň öwüt-nesihatyna gulak asman, buýran ýumşuny bitirmän kyn güne düşýär. Bag-bakjaly meýdanda ýalňyz özi galyp, azaşyp, ýaşaýan ýerini, mähriban ejesini tapanok. Şondan soň oýundaky wakalar gitdigiçe has hem dartgynly häsiýete eýe bolýar.

Azaşan Pişijege, ýaşaýan öýüni tapyp, mähriban ejesine gowuşmaga Gurbaga, Garga, Horaz, Owlak we It kömege gelýär.

Oýunda agzybirlik, dostluk, birek-birege hemaýat etmek ýaly häsiýetler özüniň aýdyň beýanyny tapýar.

Oýun mekdep ýaşyna ýetmedik çagalara niýetlenendir.