Sahna barada maglumat

Leýli we Mežnun
Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry

Eserde biri-birine tüýs ýürekden aşyk bolan we päk söýgüniň simwolyna öwrülen Leýlidir Mežnunyň başdan geçiren hasratly şahsy tragediýalary hakda söhbet açylýar.Aşyklar  tutuş  jemgyýetiň azat, erkin söýgä garşydygyna garamazdan, biri-birine gowuşmak üçin iň soňky demlerine çenli göreşýärler. Tire-taýpa arasyndaky gapma-garşylyklaryň, özara we sebitara uruşlaryň, şahsy duşmançylyklaryň, zorlugyň, eden-etdiligiň garşysyna özleriniň wepaly ýüreginiň emrine uýýan Leýli, tutuş tebigaty zorlugyň, adalatsyzlygyň garşysyna göreşe çykmaga synanýan Mežnun, adalatyň dabaralanmagy üçin göreşýän Nowful Serdar, aşyklaryň eneleri Zeýnepdir Nagma päk söýgüniň dabaralanmagy ugrunda gurban bolýandyklaryna garamazdan ýeňiji bolup çykýarlar. Olar ýönekeý ynsanlaryň, nesilleriň hakydasynda galýarlar, rowaýata wepalylygyň simwolyna öwrülýärler.

Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe kemala gelýän ýaşlaryň türkmeniň ruhy medeni myrasyny sahna eseriniň üsti bilen öwrenmekleri üçin, ýaşlary Milli ruhda terbiýelemekde eseriň ähmiýeti örän uludyr.