Sahna barada maglumat

Altyn jüýjejik
A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry

Tilki Möjege garry Baba bilen garry enäniň Menekli towugynyň getiren altyndan ýumurthasyny ogurlap “halal gazanç” etmegi teklip edýär. “Biz ol ýumurtgadan altyndan jüýjejigi basyryp çykararys. Jüýjejigem ulalar-da, meneklije towuga öwrüler. Ol meneklije towugam bize günde altyndan ýumurtga getirer. Şýdibem biz halal ýol bilen baýarys-da, hiç bir aladasyz, barmagymyzy sowuk suwa urman arassa ýaşarys” diýýär.  Möjek tilkiniň teklibi bilen ylalaşýar. Ýöne ýumurtgany ogurlamalam basyryp oturmalam ýene onuň özi  bolýar. Ýumyrtgadan jüýjejik çykýar. Möjek ol jüýjejige öwrenişip ony gowy görýän, mydama aladasyny edip ýören kakanyň ornuny tutýar. 

Günlerde bir gün, bu jüýjejigiň towuk däl-de  hioraz boljagy, onuň altyn ýumurtga getirmejegi anyklananynda, tilki öoki meýlini üýtgedýär. Ol indi jüýjejigi bakyp, semredip, soňra-da  iýmegi meýilleşdirýär. Möjek jüýjejigi halas edip, garry Baba bilen garry Mama eltip gowşurýar. Özem olaryň ýanynda mydamalyk galyp, it bolup işlemekligi ýüregine düwýär.