Sahna barada maglumat

Bremenli sazandalar
A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry

Sahna oýnunda ýaş, köçe aýdymçysy Trubadur, owadan, örän gözel şa gyzyna aşyk bolýar. Şa gyzy hem ony halaýar. Ýöne patyşa, şa gyzynyň kakasy, muňa garşy bolup, olaryň maksat-myratlaryna ýetmezlikleri üçin dürli päsgelçilikler döredýär. Trubadur öz söýgülisi bilen birikmek üçin dürli hilelere baş urýar. Onuň bu işinde dostlary pişik, it, horaz we eşek  dagylar goldaw berýärler.  Olar hatda garakçylaryň eşiklerini geýip, gezelenje çykanda patyşany tutup, agaja-da daňyp goýýarlar.  Trubaduram aýny wagty şol ýerde peýda bolýar-da, patyşany bendilikden halas edýär.  Begenjine patyşa ilki oňa gyzyny bermeklige razy bolsa-da, soň öz ähdinden dänýär. Emma ahyr soňunda Trubadur wepaly dostlarynyň kömegi  bilen  öz ajaýyp şa gyzyna gowuşýar.