Sahna barada maglumat

Maşa we aýy
A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry

Maşa joralary bilen tokaýa miwedir, ir-iýmiş çöplemäge gidýärler. Babasy bilen mamasy ony näler goýbermejek bolsalaram, agtyjagynyň, onuň joralarynyň raýyny ýykyp bilmeýärler. Ýöne olar agtygyna tokaýda häzir bolmagyny, joralaryndan aýrylyşmazlygyny gaýtalap-gaýtalap tabşyrýarlar.

Ýöne miwe çöplemäge kellesi gyzan  Maşajyk azaşýar. Azaşyp, aglap barýarka-da, tokaýda agaç jaýa gabat gelýär.

Ol jaýda bolsa aýy ýaşaýar. Ondan başga-da ol jaýyň pejiniň arkasynda syçanjyk özüne öý edinipdir. Syçanjyk Maşajygy güler ýüz bilen garşylaýar. Oňa aýy barada gürrüň berip, özüňi nähili alyp barmalydygyny öwredýär.

Maşajyk aýynyňam göwnüne ýaraýar. Ol hatda ony öýüne-de goýbermek islemeýär.

Emma ugurtapyjy Maşajyk bir ýol tapyp, babsy bilen mamasyna gowuşýar. 

Spektakl ulylaryň aýdanyny etmek, ugurtapyjy, ruhybelent bolmaklyk  barada.