Sahna barada maglumat

Dýuýmjagaz
A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry

Dýuým boýlyja Dýuýmjagazy gülden ýasalan düşeginde ýatyrka  ogurlaýarlar. Kimkä olar? Gurbagalar. Howwa, gurbagalar. Gurbaga öz ogly üçin gelinlik gözläp, Dýuým boýlyja gyzjagazy görýär-de, ony öz ogluna alyp bermekligi ýüregine düwýär.

Şeýdibem Dýuým boýlyja gyzjagazyň howply, hatarly başdangeçirmeleri başlanýar. Oňa zulum etjeklerem, şol bir wagtda bela-beterlerden gorajak täze dostlaram tapylýar. Näçe kynçylyklar gabat gelse-de gyzjagaz ruhdan düşmeýär. Gowulyk boljagyna, ahyry dostlaryna duşjakdygyna ynanýar.

Ynamy ony aldamaýar. Ertekiniň soňunda Dýuým boýlyja gyzjagaz dostlaryna gowuşyp, halas bolýar.

Sahna oýny dostluk, ruhubelent bolmaklyk  barada.