Sahna barada maglumat

Köňlümiň aramy
Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry

Dramaturg G.Daňatarowyň bu dramasy talyp ýaşlaryň durmuşyndan, talyplyk ýylarynda dörän söýgi hakynda.  Ýokary okuw mekdepleriniň biriniň talyby Hemra, özi ýaly talyp gyz Dilarama aşyk bolýar. Şonuň üçinem ol birsyhly Dilaramy küýsäp duran ýüreginiň islegine görä, olaryň ýaşaýan köçesinde köp görnüp başlaýar.  Hemra olaryň goňşulary Hemsaýalarda kireýine ýaşap başlaýar.  

Hemra bilen Dilaramyň arasynda yşk ody köräp, hakyky söýgä ýazýar.  

Pýesadaky wakalar gyzykly, gozgalýan mesele düýpli, žanryň talapyna görä gapma-garşylyk kem-kemden ösüp  dartgynlaşyp, logiki taýdan dogry çözülýär.