Sahna barada maglumat

Aldarköse
Aýazbaba nirde sen

Bu sahna oýny milli mirasymyz bolan türkmen halk ertekisi esasynda taýýarlanandyr. Oýnuň baş gahrymany Aldarkösäniň başdan geçirmeleri turuwbaşdan özüne çekýär. Ol äpet eýmenç Döwe duşandan soň, oýun has hem dartgynly häsiýete eýe.

Aldarköse Döwden gorkup çekinenok. Ol onuň bilen urşup däl-de, akyl-paýhasly hilesi bilen üstün çykýar. Sebäbi Magtymguly Pyragynyň aýdyşy ýaly “Hile-de bir batyrlykdyr ýerinde, ony başarmana kişi gerekdir”. Bu “Aldarköse” atly sahna oýnunda özüniň aýdyň beýanyny tapýar. 

Oýun akyl-paýhasly hem-de batyrgaý bolmagy öwüt-ündew edýär.