Sahna barada maglumat

Üç jojuk we çal möjek
A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry

Üç jojuk ― Nif-nif, Naf-naf we Nuf-nuf dogan. Olar günlerini şadyýanlykda, oýun oýnamakda geçirýärler. Körpe jojuk Nuf-nuf doganlaryna özleri üçin berk jaý gurmaklygy teklip edýär. Ol gyşyň golaýlandygyny, ondan başga-da, çal möjegiň haçan bolsa-da bir ýerde peýda bolmagynyň gaty mümkindigini aýdyp, öz teklibini delillendirýär. Emma doganlary onuň teklibini ret edýärler. Nuf-nuf sesini çykarman jaý gurmaga başlaýar. 

Gyş golaýlaýar. Sowugyň gelmegi bilen jaý gurmaklygyň dogrudan-da zerurdygyna düşünen iki uly doganlaram gurluşyga başlaýarlar. Olaryň biri sypaldan, beýlekisi bolsa guran agaçlardan çalamydar jaý gurýarlar. Nuf-nuf olara daşdan, berk jaý gurmalydygyny, bu guran jaýlarynyň çal möjekden gorap bilmejekdigini aýdýar. Emma ýene-de doganlar onuň aýdanyny etmeýärler.

Iň soňunda Nuf-nuf öz doganlaryny daşdan guran jaýyna salyp, çal möjekden halas edýär.  

Spektakl zähmete söýgi we agzybirlik barada.