Gyrmyzy papaklyja gyzjagaz enesine içi klubnikaly gutap dadyrmak üçin ýola düşýär. Batyr gyzjagaz gür, garaňky tokaýyň içi bilen gidip barýarka möjek gabat gelýär-de onuň nirä barýandygyny soraýar. Sadaja gyzjagaz dogrusyny aýdýar. Möjek tokaýa belet bolansoň gysga ýol bilen gidýär-de agtygyndan öň baryp enesini iýýär. Soňam Gyrmyzy papajygyň özünem iýmekçi bolýar. Emma batyr gyzjgaz möjege mertlerçe gaýtawul berýär. Bu işde oňa Agaç çapyjy kömek edýär. Netijede hemmeler möjekden halas bolýarlar.