Sahna barada maglumat

Halkaly çykyşlaryň tomaşasy
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SIRKI

Bu bölümde sirk artisti Lilianna Ýusubowanyň eserdeňligi, batyrgaýlygy  hem-de  ezberligi talap edýän howada uçup, halkada ýerine ýetirýän inçeden çylşyrymly çykyşy tomaşaçylary haýran galdyrýar. Ol 2016-njy ýylyň 5-8-nji  iýuly  aralygynda  Gazagystan  Respublikasynyň  Astana   şäherinde geçirilen «Aziýanyň ýaňy» atly  ХI halkara  festiwalynda “Halka” atly sirk  tomaşasy  bilen  gatnaşyp, “Ýokary çeperçilikli ýerine ýetirijilik  ussatlygy” üçin atly baýraga, kümüş  medalyna  we  birnäçe  ýörite  sylaglaryna  mynasyp  boldy. Şeýle hem Lilianna Ýusubowa çekýän asylly zähmeti üçin birnäçe döwlet sylaglaryna hem mynasyp boldy.