Sahna barada maglumat

Gylyç-Galkan tomaşasy
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SIRKI

Ussat sirk artisti Pygy Baýramdurdyýewiň ýolbaşçylygynda “Türkmen” jigitler toparynyň artistleri türkmeniň geçmişini, milli medeni gymmatlyklaryny janlandyrýan ahalteke bedewleri bilen çykyşy tomaşaçylarda uly täsir galdyrýar. Milli mentalitetiň özenini, halk häsiýetiniň oňurgasyny düzýän däp-dessurlaryň aýdyň göterijisi bolup çykyş edýän ahalteke bedewi döwlet nyşany hökmünde Türkmenistanyň Tugrasynda şekil tapdy. Has dogrusy, bu asman bedewleri Galkynyş zamanynda, özüniň iň täze taryhynyň şöhratly döwründe ýaşaýan ýurduň kuwwatyna we gerimine laýyk döwlet aladasyna we ünsüne mynasyp boldy.