Sahna barada maglumat

Ak kepderiileriň tomaşasy
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SIRKI

Bu bölümde ýakymly sazyň ýaňlanmagynda, emeli usulda garjagazlaryň gaýmalalaşmagy astynda sirkiň körpeje artisti Medine Baýramdurdyýewa we Merýem Seýitnazarowa dürli tans hereketleri ýerine ýetirýärler. Sirkiň meýdançasynda eldekileşdirilen ak kepderileriň öwrümli uçuşlary, täsin ganat kakmalary tomaşaçylary özüne bendi edýär. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, asuda parahat ýurdumyzy, ýurdumyzyň dünýäniň we sebitiň arasyndaky dostana gatnaşyklaryny şöhlelendirýän bu çykyşda asudalygyň we parahatçylygyň nyşany bolan kepderiler ganat ýaýyşyp, dürli oýunlary edýärler.  Her güni şanly senelere, toý baýrama  beslenýän parahatçylygyň, döredijiligiň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany hasaplanýan ata Watanymyzy wasp edýän bu çykyş tomaşaçylar köpçülügini haýrana goýýar.