Sahna barada maglumat

Söýgi bar ýerinde
Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry

Waka Aşgabat şäherindäki ýokary okuw jaýlarynda okaýan talyplaryň arasynda bolup geçýär. Bularyň hemmesi bir institutyň talyplary. Spektaklyň içinde iki sany ýaş juwanyň päk söýgüleri beýan edilýär. Şu iki sany ýaş juwanlaryň üsti bilen olaryň ene-atalarynyň ýaşlykda dürli sebäplere görä paşmadyk maşgala durmuşy amala aşýar. Spektaklda hereket edýän üç sany wäşi başarjaň oglanlaryň keşbi aýdyň suratlandyrylýar. Baş keşpdäki Aman bilen Gunçanyň päk söýgüleriniň amala aşmagy üçin şu spektaklda hereket edýän wäşi oglanlar dostluk kömeklerini gaýgyrmaýarlar.