Sahna barada maglumat

Basgançagyň  aşagynda  kim  ýaşaýar?
Türkmen döwlet gurjak teatry

Oýundaky  waka  kaşaňja  oba  howlujygynda  bolup  geçýär. Oýun bu  ýerde  gizlenpeçek  oýnap  ýören  Akja  pişijikdir  Garaja  pişijigiň  üsti  bilen  gitdigiçe  giň  gerim  alýar.

Güjügiň peýda bolmagy bilen oýun has-da dartgynly häsiýete eýe bolýar. Akja pişijigiň uýajygy Garaja pişijik basgançagyň aşagyndaky öýjagaza täze göçüp gelen Güjüge garşy hereket edip başlaýar. Ýöne oňa garamazdan, Akja pişijigiň Güjüge garaýşy oňat. Ahyrsoňy bu hoşniýetli garaýyş olary bir saçagyň daşynda agzybir birleşip dost-dogan bolmagyna getirýär.

Oýun  çagalarda  agzybirligi, myhmansöýerligi, hoşniýetliligi, ýagşy  edep-ekramy  terbiýelemekde  uly  ähmiýete  eýedir.