Sahna barada maglumat

Bir Towşanjyk bar eken
Türkmen döwlet gurjak teatry

K.Meşkowyň “Bir Towşanjyk bar eken...” atly sahna oýny.

Rus halk ertekisi esasynda taýýarlanylan bu oýunda Tilkiniň mekirlik bilen ogurlyk edişi beýan edilýär. Ýöne, ol ogurlyk Towşanjyga ýapylýar. Ahyrsoňy Tilkiniň mekirligi paş bolup, ogurlygyň Towşanjyga ýöňkelmeginiň esassyzdygy mälim bolýar. Sahnada sada, ak göwünli Towşanjygyň keşbi ör boýuna galýar.

Mekirlik-hile başa baranok. Şeýlelik-de durmuşda hiç haçan aldawçylygyň, mekirligiň ýol almaýandygy, bagtyň halal zähmetdedigi ündelýär. 

Oýun mekirlik, aldawçylyk, ogurlyk ýaly ýaramaz häsiýetleri paş edip, dogruçyllyk, halallyk, sadalyk ýaly gowy häsiýetleri açyp görkezýär.