Sahna barada maglumat

Ak gämi
Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry

Düýn meşhur gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň powestleri boýunça türkmen teatrlarynda dürli ýyllarda “Ene toprak”, Elwan ýaglykly serwim serwim” atly drama eserleri sahna çykaryldy. Onuň eserleri çuň manylylygy, ýalkymly beýik ideýalylygy, pynhan manylylygy bilen okyjylary hem tomaşaçylary özüne bendiwan edip gelýär. Görnükli režissýorymyz  Handurdy Berdiýew  mundan bir ýyl ozal Çingiz Aýtmatowyň “Elwan ýaglykly serwim” atly dramasyny sahna çykarypdy. Ine bu günem režissýor türkmen tomaşaçylaryna beýik ýazyjynyň “Ak gämi” atly eserini hödürledi.

Spektaklda siwilizasiýadan alysda ýaşap ýören tokaýçylar obasynda bolup geçýän dartgynly waka beýan edilýär. Eseriň baş gahrymany 7 ýaşly, pajygaly uly ykbally, keç  kysmatly Nurgazynyň keşbini Salyh Berdiýew ýerine ýetirýär. Režissýor Salyh Berdiýew bilen gaty kän işläpdir, çagalygyna garamazdan Salyh Berdiýew gyrgyz obasynda ýaşaýan gyrgyz oglanjygynyň keşbini gaty ynandyryjy edip bilipdir. Nurgazy betbagt Mömin gojanyň agtygy, Mömin  gojanyň şähere giden gyzynyň ogly. Ol eje-kaka mährinden jyda düşen, ejeli ýetim, kakaly ýesir çaga! Oňa dost gerek, hossar gerek, howandar gerek! Onuň bilen gürleşýän ýok, kimiň ýanyna barsa, oňa bar oýna diýýärler! Oňa seniň kakaň Yssykkölde ýüzüp ýören ak gäminiň matrosy diýip ynandyrypdyrlar. Arzuwçyl, hyýalbent oglan, hiç bolmanda, balyga öwrülip kakasy bilen duşmak arzuwynda ýaşaýar. Onuň kakasy hakda ajaýyp ertekisi bar. Ol ertekiler dünýäsinde ýaşaýar. Mömin gojanyň ikinji gyzy Bekeýiň çagasy bolanok. Onuň adamsy - tokaý hojalygynyň gözegçisi haramzada Orazgül perzentsiz geçip barýanyna aýalyndan görýär... Ol içýär, mydama şagal mesligini edýär, häli-şindi kemmagal aýalyny urýar! Gaýyn atasynyň ýanynda urýar! Gaýyn atasynam urýar! Sebäbi oňa perzent gerek! Ol ogryn-dogryn agaç satýar, pullanýar, ýöne öýe pul däl-de, ahy - efgan, dady - perýat gelýär!  Haramzada Orazgül kemli, dünýä onuň nesli gerek däl! Zehinli artist Döwran Hojageldiýew Orazgülüň keşbini, aýaly Bekeýiň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisty Gülşat Meňliýewa diýseň ynandyryjy ýerine ýetirip bilipdir.

Mömin gojada ertekiler dünýäsinde ýaşaýar. Ol gyrgyz halkynyň kyblagähiniň - ullakan şahly ene maraldygyna ynanýar. Gadym zamanlar Ene maral   urşup - gyrlyşyp ýören gyrgyz taýpasyny taşlap gidipdir. Ana, şol Ene maral gaýdyp gelýar! Wagşylaşan durmuş Mömin goja Ene maraly atmaga mejbur edýär! Goja özüniň keramatly, gudratly ertekisini atýar!.. Ady ýaly Mömin gojanyň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisty Akmyrat Arçikow, onuň yzgytsyz aýaly garry kempiriň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisty Gerek Hojamämmedowa ýöne bir ýerine ýetirmän, hakyky Mömin goja hem hakyky nejis kempir bolmagyň hötdesinden gelipdirler.

Genial eser boýunça goýulan “Ak gämi” spektaklynyň wakalary şeýle – bir  dartgynly, şeýlebir pajygaly, onuň dowamynda kän gezek gözleriňe ýaş gelýär. 

Talantly režissýor Handurdy Berdiýew ajaýyp spektaklda artistleriň, kompozitorlaryň, suratkeşleriň sungatyny şeýlekin belende götermegi başarypdyr. Bir söz bilen jemläp aýdanymyzda genial ýazyjy Çingiz Aýtmatowyň genial “Ak gämisi” tomaşaçylaryň göwnünden turjak nusgawy spektakl bolupdyr.