“Böwenjik”
Türkmen halk ertekisi esasynda
Bu spektakl adybir türkmen halk ertekisi esasynda goýuldy.
Enesi hem-de onuň agtygy Nazar, öý haýwanlary bilen agzybirje ýaşaýarlar. Her kim öz işi bilen gümra bolşup ýörler.
Günlerde bir gün bir ýerlerden zalym hem-de açgöz Böwenjik peýda bolýar. Ol aldow bilen Nazaryň dostlary kürrejigi, owlajygy, güjüjegini garnyna otarýar.
Nazar enesi bilen olary halas edýärler. Böwenjige-de temmi berýärler. Böwenjigem ertekiniň soňunda agzybirlikde we parahatçylykda ýaşamalydygyna akyl ýetirýär.
Spektakl dostluk, agzybirlik barada.