“Körpe we Karlson”
K.S.Popowa bilen I.N.Bulyginanyň inssinirowkasy
Bu spektakl şwed ýazyjysy Astrid Lindgreniň dünýä belli eseri esasynda goýuldy. Eserde erteki bilen häzirki zaman durmuşy utgaşyp gidýär. Körpe maşgalada iň kiçileri bolansoň, uçup bilýän, hiç wagt ruhdan düşmeýän, arkasy perikli Karlsona duşýança özüni gaty ýalňyz duýýar. Karlson gowy, şadyýan dost, ýöne ol bezzatlyk etmegem diýseň gowy görýär. Onuň ýanynda hiç wagtam içiň gysmaýar.
Karlsonyň peýda bolmagy ýaramaz häsiýetli, öý hojalygyny dolandyryjy Froken Bokyň hem-de ogrylar Fille bilen Rulleniň düzelmegine, dogry ýola düşmeklerine sebäp bolýar.
Spektakl dostluk barada.