Sahna barada maglumat

Päk we günäli
A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry

Ýokary derejeli slesar Kuzma Tudyşkin ençe ýyllar bileje, durmuşyň agyr külpetlerini egni-egne berişip geçirip gelýän aýaly bilen ýalňyz gyzyny ýürekginden gowy görýär. Ýöne ýyllaryň geçmegi bilen ony näme üçin durmuşlarynyň isleglerine görä bolmandygy baradaky alasarmyk pikirler  basmarlap ugraýar. Nirede ýalňyşlyk goýberendikleri, haýsy çatrykda maşgalasy bilen ýolunyň aýrylyşandygy, indi nädip, haýsy pikire, ygtykada gulluk edip ýaşamalydygy barada oýlanýar. 

Nädip ýaşamak, haýsy ýoly, haýsy baýlyklary ― ruhymy ýa  maddy baýlyklary saýlap, oňa gulluk edip ýaşamamaly? Haýsyny ― wyždanymy saýlamalymy ýa-da peýdaň ugruna çapmalymy?  М.Worfolomeýewiň “Päk we günäli”  pýesasynda hem şu, adamzadyň öňünde müdimi duran filosofiki soraglara jogap gözlenýär.