Sahna barada maglumat

Ýartygulak
Aýazbaba nirde sen

Ýartygulak“ atly gurjak oýny türkmen halk döredijiliginiň esasynda sahnalaşdyrylan eserdir. Onda kyn güne düşen garyp maşgalanyň zürýatsyzlyk zary we gün-güzeranynyň kynçylyklary hakynda  gürrüň berilýär.        

Çaga gözi düşen adam, onuň örän kiçijikdigine seretmezden, ony ogullyga alýar. Ol oňa guwanýar, ony söýüp „Ýartygulak“ diýip at dakýar. Bu kiçijik oglan uly adamlaryň ýerine ýetirip bilmeýän işlerini amala aşyrýar. Ýartygulagyň  batyrlygy, gaýduwsyzlygy, akyl-paýhasy eseriň dowamynda täsin wakalaryň üsti bilen ösdürilýär.    

Ýartygulak ene-atasyna kömege gelýär. Ol baýyň zalymlygyndan üstün çykýar, mollanyň hilesini paş edýär, hatda ýyrtyjy Möjegi-de boýun egdirýär.    Ýartygulagyň ýeňşi – adalatyň ýeňşi hökmünde dabaralanýar.