Sahna barada maglumat

Baky rowaýatlar
Türkmen döwlet gurjak teatry

Bu sahna oýny Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ajaýyp kitaplaryndan üç sany rowaýat esasynda sahnalaşdyryldy. Sahna oýnunyň birinjisinde Hormatly Prezidentimiziň “Enä tagzym - mukaddeslige tagzym” atly kitabyndan Arşda dörän çagajygyň Zeminde Ene atly öz perişdesine gowuşyşy barada, ikinjisinde “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyndan Seýitjemaletdin patyşanyň kömek sorap gelen aždarha eden ýagşylygy barada, üçünjisinde bolsa, “Türkmen Alabaýy” atly kitabyndan iki sany Alabaýyň bir serkerdä sowgat berilşi hem-de olaryň şol ýerde görkezen edermenlikleri barada gürrüň berilýär. Spektaklda bolup geçýän wakalar  yşyklaryň we gurjaklaryň üsti bilen görkezilýär.