Sahna barada maglumat

Islegleri ýerine ýetiriji
A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry

Ýaş maşgala Bogdan bilen Marinanyň tersleşmeleriniň arasyny öýlerine öz kärhanalarynyň harydyny hödürlemek üçin duýdansyz gelen, aýlanyp söwda edýän satyjy bozýar. Är-aýalyň birek-biregiň üstüne atýan günälerini diňläp... ol olaryň isleglerini ýerine ýetirýär ― ýagny, wagtlaýyn, göni üç aýlyk  olaryň tenleriniň ornuny  çalyşýar. Ýan ýoldaşynyň ornunda bolup görensoňlar är-aýal birek-birege has gowy düşünip başlaýarlar. Öz goýberen hatalaryny bilýärler. 

Spektaklymyza çenden artyk talapkär nazar bilen seretmersiňiz diýip umyt edýäris. Sebäbi biziň bu spektaklymyz komediýa, özem fantastiki komediýa ahyryn.