Sahna barada maglumat

Seniň yşgyňda perwana
Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry

Dramaturg Gylyç Kuliýewiň “Seniň yşgyňda perwana” atly komediýasy 3 sany dost ýigitleriň arasynda bolup geçýän gyzykly täsin wakalara baýdyr. Öý eýesi bolan Bapbynyň öýüne  Bapbynyň tanşy lukman Jeren Gurbanownanyň  ýegençesi Şirin  diýen heniz durmuşa çykmadyk  gyz myhmançylyga  gelýär. Şol 3 dost  ýagny Bapby, Lolluk we Tarhan  bada-bat  şirine aşyk bolýarlar. Ýöne öýüň eýesi Bapby   Şirini söýýändigini  hem-de şony maşgala edinjekdigini dostlaryna habar berýär.

Dostlary Bapbyny her –hilli ýagdaýlara salyp, Şirini hakykatdanam söýýändigini anyklamak üçin her-hili gülkili ýagdaýlara hem-de gabanjaňlyk derejesine sezewar edýärler.  Şirin bolsa özüniň çyn ýürekden söýülýändigini bilmek üçin ýigitleriň öňünde şert goýýar.  Şol şertleriň hötdesinden Bapbynyň gelýändigini hem-de ikisiniň maşgala gurmagy bilen oýun soňlanýar. Şu komediýa  eserinde dostlugyň,  wepalylygyň,  çyn söýgüniň,  birek-birege bolan ynamyň zerurlygyny tenkarlaýar.