Sahna barada maglumat

Çarlak
A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry

Sahna oýnunyň esasy özeninde ýaş, oba gyzy Nina Zareçnaýanyň betbagt söýgüsi ýatyr. Ol özüni kölüň üstünde erkin uçup ýören, soň bir awçynyň gelip, atyp öldüren çarlak bilen deňeýär. Sahna sungaty, aktýorlyk durmuşy barada arzuwlap, ol ýazyjy Trigorinyň yzyna düşüp gidýär. Emma keç ykbaly ony betbagtlyklara sezewar edýär. Söýgülisi ondan ýüz öwürýär, çagasy ýogalýar, aýraçylyk, kynçylyklar, ýöne ol hakyky artist bolup ýetişýär...

Söýgi mowzugy eserde beýleki gahrymanlaryň ykballarynda hem yzarlanýar. Jemgyýet we döredijilik esaslary bolmadyk adamlaryň durmuşynda söýgi zabun we weýran ediji bolýar. Treplew bilen Maşa üçin hem ykbal şeýle bolýar.