Sahna barada maglumat

Ah, gara gözler
A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry

Ajaýyp keşpli, gijäniň tümi deý düýpsiz, jadylaýjy gara gözli Äşäniň maşgalasy  agyr ýagdaýa düşýär. Kakasy hassa bolýar. Öýlerinde iýere zat bolanok diýen ýaly. Şonuň üçin ol özüni gyrnak bazarynda satdyryp, düşen pulunam maşgalasyna bermekligi karar edýär.

Bazarda Äşäniň gara gözleri ganygyzma, çarwa Zainy özüne bendi edýär. Çyn ýürekden aşyk bolan Zain gyrnak gyzy satyn akmakçy bolýar. Emma gyrnak üçin goýlan  nyrha onuň puly ýetmeýär. Ol Äşäni hiç kime satmazlygy, gidip ýetmeýän pulunyň öwezini hökman tapyp geljekdigini gyrnak söwdasyny edýän söwdagäre aýdyp gyssanmaç gidýär. Zain gidensoň gul bazaryna şäheriň iň tüçjar baýy Hajy Numan gelýär. Äşäniň jan algyç bakyşlary onuň erkini elinden alýar. Hajy Numan söwdagäriň aýdan bahasyny berip Äşäni ýany bilen alyp gidýär.

Hajy Numan Äşä gyrnak hökmünde däl-dä hak aşygyň magşugyna garaýşy ýaly garaýar.  Onuň sahylygy, päk söýgüsi, arasynda kiçi bolmadyk ýaş aratapawudyna garamazdan Äşäniň hem ýüreginde söýgi oduny oýarýar. 

Günlerde bir günem Hajy Numanyň öýüne onuň iň gowy dosty, bir wagtlar ony ölümden halas eden Zain myhmançylyga gelýär...

Spektakl söýgi barada.

Spektaklda Nurmuhammet Andalybyň “Zöhre we Tahyr”, Wilýam Şekspiriň “Romeo we Julýetta” eserlerinden bölekler ulanylýar.