Sahna barada maglumat

Ene ýüregi
A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry

Pýesa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Enä tagzym-mukaddeslige tagzym” atly kitaby esasynda ýazyldy. Pýesanyň mazmuny   döwrebap. Onda türkmen maşgalasynda enä goýulýan hormat-sylag, söýgi barada beýan edilýär. 

Arheolog Haýdar aganyň aýaly Mähriban  ojagynyň sütüni bolup durýar. Ol mydama çagalarynyň, adamsynyň, öýüniň aladsy bilen ýaşaýar. Olara degerli maslahatlar berip göni ýola ugrukdyrýar.  Şonuň üçin onuň çagalaram ilhalar bolup ýetişýärler. Döwlet tarapyndan abraýly baýraklara-da mynasyp bolýarlar. Özleriniň şu güne ýetmekleri üçin gije-gündiz iş-alada bilen gezen enelerine-de baky minnetdardyklaryny aýdýarlar.