Sahna barada maglumat

Bäş agşam
A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry

Birnäçe ýyldan soň Ilýin uruşdan öň, ýaş wagtlary ýaşap giden şäherine gelýär. Ýaşlyk söýgüsiniň öňki ýerde ýaşaýandygyny ýa ýaşamaýandygny bilmek üçin, Ilýin täze tanşy Zoýanyň garşylyk görkezmesine garamzadan gidýär. Tamarany görenindenem onuň öňki duýgulary oýanýar. Tamara-da ony ýatdan çykarmandyr.

Ilýin özüniň ullakan bir kombinatyň baş inženeri bolup işleýändigini aýdýar.  Onuň üstünliklerine Tamara tüýs ýürekden begenýär. Onuň şeýle derejelere ýetjekdigine mydama-da ynanandygyny aýdýar. Ýöne Ilýin näme üçindir kombinatdaky işini taşlajakdygyny, özüniňem sibire sürüji bolup işlemäge gitjekdigini aýdýar. Tamarany hem ýany bilen çagyrýar. Tamara razy bolanok. Ilýin hoşloşman, Tamara öýde ýok wagty gidýär. 

Tamara Ilýini gözläp başlaýar. Gözlegleriniň dowamynda ol Ilýiniň institutda bile okan ýoldaşy Timofeew bilen duşuşýar we ondan öz söýgüsi barada geň hakykatlary eşidýär. 

Oýun söýgi barada.