Pýesanyň baş gahrymany edepli, paýhasly, öz ejesini diýseň gowy görýän Tatýana. Ol elli ýaşy arka atan zenan. Ýöne onuň adamsam ýok, çagalaram. Şu ýaşa çenli durmuşa çykmadyk. Onuň aýaklary ysmaz bolan ejesi gyzynyň bagtynyň açylmazlygyna özüni günäkärleýär. Ýatsa-tursa onyuň gelejekki ykbalyny alada edýär.
Tatýana ejesini ynjaltmak üçin, öýlerine halaşýanym diýip, ýagdaýdan peýdalanyp bir nätanyş erkek adamy getirýär. Ondan başga ol “ýaş wagty taşlan gyzynam” tapýar. “Agtygyny” “enesi” bilen tanyşdyrýar. Beýle şatlykly wakalara begenen ejesi, kem-kem gowulaşyp ugraýar. Gelejegi barada arzuwlar edip başlaýar. Ýaşasy gelýär. Şeýdibem gutulýar.
Tatýana-da ejesine görkezmek üçin “tapan ýoldaşy” bilen halaşyp, durmuş tutýarlar. “Gyzy” hem onuň gyzlygy bolýar.
Spektakl söýgi, maşgala agzybirligi barada.