Ýüreklere ýol
Ýedi sahnadan ybarat spektaklyň gysgaça mazmuny
Oguz türkmenlerinden bolan ýaş söwdagär Ilek Koýan öýlenmezinden öň syýahat edip ýurt görmegi, adamlar bilen tanyşmagy, şeýdibem söwdasynyň örüsini giňeltmegi ýüregine düwýär. Onuň üçinem tejribeli kerwenbaşylar bilen aragatnaşyk saklap ony öz ýanlary bilen alyp gitmeklerini hem-de ilkinji syýahatynda kömek bermeklerini, söwdanyň inçe syrlaryny öwretmeklerini gazanýar.
Başda enesi Sylyjan hatyn ekeje oglunyň tejribesiz halyna uzak ýurtlara gitmegini göwnänok. Ýöne Ilek Koýana ynandyryjy delilleri getirip, enesini razy edýär.
Ilek Koýan kerwenbaşy bilen çöl ýerde, kak suwunyň başynda gabatlaşmagy gürleşýär. Emma ondan öňürti kak suwunyň başyna ogurlykda aýyplanyp, ilinden gaýdan Hasanaly gelýär. Ol bir özi, atly, gapdalynda üstine ýük urlan düýeli gelýän Ilek Koýany görýär-de, ony talamaklygy ýüregine düwýär. Ilek Koýan dynç almak üçin gyşaranda öldürmek, şeýdibem zatlaryna eýe bolmak maksady bilenem bukuda ýatýar.
Ýurdundan, enesinden, söwer ýaryndan uzak wagtlap aýra düşjegindenmi, näme üzçindir ýadow bolsa-da Ilek Koýanyň ukusy tutmaýar. Şol sebäplem Ilelk Koýan mydamalyk hemrasy bolan dutaryny elina alýar-da, saz çalmaga başlaýar. Onuň çalan sazy bet pygally Hasanalynyň ýüregini ýumşadýar. Hasanaly dutaryň owazyny dünýäni unudyp, jadylanan ýaly bolup diňleýär. Birdenem onuň gözi Ilek Koýanyň oturan agajyndan aşaklygyna tarap süýşüp barýan ýylana düşýär. Bimaza edilen ýylanyň Ilek Koýana rehim etjek gümany ýokdy. Ilki başda Hasanaly elini gana bulamazdan olja eýe boljagyna begenýärem. Ýöne dutardan şeýle gözel owazlary alyp bilýän adamy ýylana beresi gelmeýär. Ol ýylany öldürip, Ilek Koýany halas edýär. Şeýdibem Ilek Koýan bilen Hasanaly dostlaşýar. Hasanaly dostuna başyndan geçirenlerini, ne sebäpden şeýle pişä baş goşmaly bolandygyny berýär.
Hasanalam ýeke ýigit. Bir garryja enesi bar eken, ol hem Hasanaly ýetişende aradan çykýar. Enesi Hasanalyny gara zähmeti bilen il hataryna goşýar. Sowatly edýär. Sowady bolansoň Hasanalyny daşgynrak garyndaşlary bolan Hüseýin aga mata satýan dükanyna işe alýar. Hüseýin aga ýaş wagtlary harytlary hindistandan, çynmaçyndan gidip özi getirer eken. Ýaşy gidişensoň harytlary sargap getirtýär. Elinde ýedi-sekiz ýyl işlänsoň, Hüseýin aga üşükli Hasanala göwni ýetip, ähli işleri ynanyp ugraýar.
Hüseýin aganyňam Fatima atly ýekeje gyzy bar eken. Hasanaly oňa aşyk bolýar. Hüseýin agasynyň hatyrasy üçin Hasanaly Fatimadan gaça durup başlaýar. Başda geňlese-de, ýuwaş-ýuwaş Fatima onuň näme üçin beýtýändigine düşünip ugraýar. Ol hem Hasanalydan gaçgaklap başlaýar. Ýöne bu ýagdaýa Hasanaly çydap bilmän Hüseýin agadan özüni goýbermegini soraýar. Geň galyp näme üçin gitjek bolýandygyny soran Hüseýin aga Hasanaly özbaşyna iş açasym gelýär diýýär. Onuň gitjek bolýanyny eşiden Fatima bir gün dükana gelýär-de, Hasanalydan gitmezligini haýyş edip, çykyp gidýär. Şoindan soň olar ogryn-dogryn duşuşyp başlaýarlar.
Ýetim bolansoň Hüseýin aganyň ýanyna Fatima söz aýtmaga Hasanalynyň özi barýar. Başda ýokuş görse-de, ýeke gyzynyň raýyny ýykmajak bolup Hüseýin aga razy bolýar. Ol Hasanalyny ýanyna çagyrýar-da, ýygnap goýan ýerinden ep-esli pul çykaryp, öňünde goýýar. Ol pullary alyp başga ýurtlara gidip haryt getirmegi, şeýdibem söwdalarynyň örüsini giňeltmegi tabşyrýar. Hasanaly muňa begenip razy bolýar.
Erte-birigün kerwene goşulyp ugramaly bolup ýörkä, Hüseýin aganyň Hasanala berip goýberjek bolan puly ýitýär. Ony hem Hüseýin aga Hasanalydan görýär. Hasanaly bigünädigini näler janygyp aýtsa-da, Hüseýin aga ynanmaýar. “Senden başga puluň nirede durandygyny bilýän adam ýok” diýip, Hasanalyny ogurlykda aýyplaýar-da, öýlerinden çykaryp goýberýär. Gitjek wagty Hasanaly özüne günäsiniň ýokdugyny subut etmeklige puryja soraýar. Ol pullary gazanyp getirjekdigini aýdýar. Şeýdibem dogduk mekanyndan çykyp gaýdýar. Emma näçe urunsa-da gerek maýa bolan on müň tümeni toplap bilmeýär. Aljyraňňylyga düşen Hasanaly ahyry näme etjegini bilmän, talaňçylyk etmekligi ýüregine düwýär. Ýöne wyždany Hasanala beýle işi amala aşyrmaga ýol bermeýär. Gaýta ol Ilek Koýany ölümden halas edýär. Şeýdibem ol Ilek Koýan bilen tanyşýar.
Ýolda kerwen bilen barýarkalar Ilek Koýan bilen Hasanaly çynmaçynly söwdagär Li Çen bilen tanyşýarlar. Deň-duş, edýän işlerem bir bolansoň olar dessine dil tapyşýarlar. Öň kerwende gelýärkäler, ýadap gelýän adamlary bimaza edäýmäýin diýip dutaryny gabymdan çykarmadyk Ilek Koýan, olara saz hem çalyp berýär. Emma saz soňlap-soňlamanka bularyň kerwenlerine galtamanlar çozýarlar. Kerwendäkiler öz harytlaryny hem-de janlaryny goramak üçin galtamanlar bilen söweşe girýärler. Söweşde Li Çen agyr ýaralanýar. Ýaraly Li Çeni öldürmek üçin gylyçly topulan galtamany hatardan çykaryp, Ilek Koýan ony halas edýär.
Özüniň kazasynyň dolandygyny aňan Li Çen çynmaçynly belli söwdagär Wenhuanyň ogludygyny, Tehranda dükan açandygyny, özüniňem şol ýerde işleri ugrukdyryp ýörendigini aýdýar. Goja Wenhua ogluna enesiniň agyr ýatandygyny, dessine öýüne dolanmagyny sorap habar iberipdir. Li Çen gönüläp aýtmasalaram enesiniň halynyň agyrdygyny syzýar. Şonuň üçinem ol Ilek Koýandan enesi bilen hoşlaşar ýaly öýüne äkitmegini haýyş edýär. Ilek Koýan oňa öýüne äkitjegine söz berýär.
Kerwendäki tebibiň maslahaty bilen Li Çeni hindistanly meşhur tebip Çilaram Singh Dawdadyň ýanyna alyp barýarlar. Şol ýede-de onuň ýaralaryna em edip, çynmaçyna ýola düşýärler.
Ilek Koýan sözünde tapylýar. Li Çen ölmänkä enesine gowuşýar. Doganyň etjek ýagşylygyny edensoň, Li Çen Ilek Koýana dogan okaşmagy teklip edýär. Şeýdibem bular dogan okaşýarlar. Ýöne Li Çene enesiniň mährinden uzak ganmak miýesser etmeýär...
Li Çen jaýlanansoň, goja Wenhuanyň haýyşy boýunça Ilek Koýan çynmaçynda eglenmeli bolýar. Sebäbi Li Çeniň enesi hanym Min: “Oglum ýanymda ýaly duýýan” diýip, Ilek Koýany gapdalyndan aýyrasy gelmeýär. Ilek Koýan hanym Min gowulaşýança ýa-da dünýeseni täzeleýänçä galmaly bolýar.
Ýöne hanym Min başga, has ýowuz derde ýolugýar. Onuň hasratdan ýaňa kellesi üýtgäp, Ilek Koýana öz ogly Li Çendir öýdüp ugraýar. Ýüzlenende-de mydama: “Oglum, Li Çen!” diýip, ýüzlenýär. Täsin ýeri hem gün-günden onuň haly gowulaşýar.
Bir günem Ilek Koýana öýlerinden enesi Sylyjan hatynyňam ogluny alada edip, ýanyny ýere berendigi barada habar gelýär. Ilek Koýan näme etjegini bilmän iki oduň arasynda galýar. Çynmaçynd-a dogan okaşan dogany Li Çeniň enesi, indi özüniňem eneligi hanym Min, aňyrda-da kemala getiren enesi Sylyjan hatyn. Çykgynsyz ýagdaýda galan Ilek Koýan näme etjegini bilmän ýörkä, köp çarşenbeleri başyndan geçiren goja Wenhua çykalga tapaýýar. Ol ýagdaýy tersine öwrüp, hanym Mine gürrüň berýär. “Oglumyz Li Çeniň oguz türkmenlerinden bolan Ilek Koýan atly dogan okaşan dogany bar. Ol näbelli derde uçrap tarpa-taýyn aradan çykypdyr. Agyr hasrata çydabiilmän, onuň enesi Sylyjan hatynyň akly üýtgäp Li Çene Ilek Koýanmyka diýip ýörüpdir. Indem şol ene ýarowsyz ýatyrmyş. Li Çenem gitmeli welin, seni taşlap bilenok” diýip, ol hanym Mine aýdýar. Bu habary eşidip, ogluny ýitiren enä ýüregi awan hanym Min dessine ogluny ýola salmak bilen bolýar.
Ilek Koýan öýüne gelip, ýagdaýy enesi Sylyjan hatyna düşündirýär. Özüniň ol ýerde-de enesiniň bardygyny, ýygy-ýygydan gitmeli boljakdygyny aýdýar. Çagajygyndan aýra düşen enäniň ýürek awusyna gowy düşünen Sylyjan hatyn razy bolýar.
Ilek Koýan toý tutýar. Toýuna Hasanaly bilen goja Wenhuada gelýär.