Sahna barada maglumat

Arşyn mal alan
A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry

Uzeir Gajibekowyň bu ölmez-ýitmez sazly komediýasy birnäçe döwletleriniň teatr sahnalarynda goýuldy. 

Köne adat boýunça öýlenýänçä gelniň ýüzüni görmek bolmaýandygy sebäpli, baý söwdagäriň ogly Asker hilä ýüz urýar. Ol ýönekeý köçe satygçysy bolup öýme-öý aýlanýar. Aýlanyp ýörkä-de Soltanbegiň gyzy Gülçehrä aşyk bolýar. Olam ony halaýar. Netije-de, dürli, gülkili, dartgynly wakalardan soň olar birikýärler. Diňe olar däl, spektaklyň beýleki gahrymanlaram öz bagtlaryny tapýarlar. 

Spektakl söýgi barada.