G.Kakabaýewiň “Sakarja Geçi” atly sahna oýny.
Oýundaky waka seleň sährany etekläp oturan küren obanyň bir çetinde ýaşaýan Babanyň Garakelle atly itiniň, Sakarja atly geçisiniň we Haýbatly atly horazynyň üsti bilen aýdyň beýanyny tapýar. Bu jandarlar bir gün zähmet çekip, iýen duzuny haklamak üçin, bugdaýlyja haltany araba ýükläp, degirmene äkidýärler. Ýolda olara Möjek, Tilki, Garga dagynyň howp salmagy bilen, oýun has-da dartgynly häsiýete eýe. Ýöne Garakelle, Horaz we Sakarja bilelikde hereket edip, ol howpdan halas bolýar. Şeýlelikde oýunda agzybirligiň ähli zatdan üstün çykýandygy özüniň aýdyň beýanyny tapýar.
“Sakarja Geçi” çagalara kyn pursatda-da ruhdan düşmän, aljyraman, bir-birege el berip, agzybir hereket etmegi, halal zähmet çekmegi öwredýär.