Sahna barada maglumat

Ýeserje güjük
Aýazbaba nirde sen

“Ýeserje Güjük”. Dramaturg H. Şirow.

“Ýeserje Güjük” atly oýunda wakalar çölde, çopan goşunda bolup geçýär. Bir gün baş çopan Pirguly aga obadan bir kiçijik güjügi alyp gelýär. Onuň sypatyna garap, “Alabaý” diýlip at goýulýar. Pirguly aga kiçijik güjügiň sürüni gorap saklaýan batyr it bolup ýetişmegini isleýär. Goýun iti Akbaý ilki öýke etse-de, soň gitdigiçe öýkesi ýazylýar. Sebäbi sen jandaram bolsaň, özüňe mynasyp şägirt gerek ahbetin.

“Alabaý” gün-günden ese-boýa galyp, onda batyrgaýlyk, hüşgärlik ýaly häsiýetler kemala gelýär. Onuň çöldäki, çopan goşundaky başdan geçirmeleri Eşek, Goç, Sakar, Çypar Tilki ýaly gahrymanlar bilen bilelikde özüniň aýdyň beýanyny tapypdyr.