Sahna barada maglumat

Söýgi köprüsi
Aýazbaba nirde sen

“Söýgi  köprüsi” atly gurjak oýny.

Bu  gurjak oýnunda  ýaş  juwanlaryň  söýgüsi  gaýybana  ýagdaýda  ýüze  çykýar. Baş  gahryman  Uzyn  kirpigi  Ýanyk  gulak  düýşünde  görýär. Düýşüniň  esasynda Ýanyk  gulak  özüniň söýgülisi  Uzyn  kirpigi  agtarýar, onuň  bilen  baglanşykly  çekýän  gaýgy-harasatyny  beýan  edýär. Oýnuň  soňunda-da  onuň  düýşündäki arzuwy  wysal  bolýar. Ýaş  juwanlar  köprüniň üstünde  duşuşmagy  belleşýärler.

Oýun  päk  söýgi, onuň  mukaddesligi  hakynda  söhbet  açýar. Ol  uly  ýaşly  tomaşaçylara  niýetlenendir.