Doganlar Grimmleriň “Şadyýan sazandalar” atly gurjak oýny.
Bu gurjak oýnundaky waka uzak wagtlap degirmende işläp, arkasynda unly haltany çeken Eşegiň kalbynda saz guralyny çalmaga, aýdym-saza höwesiniň bardygy aýan bolan pursatdan başlanýar. Degirmençi hojaýyn oňa aýdym-saz öwrenmegi, sazanda bolmagy maslahat berýär. Şondan soň Eşek şatlyk bilen ses edip, şähere sary ýola düşýär.
Gurjak oýny ýol bilen ýöräp barýarka, Eşege duşan Itiň, Pişigiň we Horazyň üsti bilen has-da ýaýbaňlanyp, dartgynly häsiýete eýe bolýar.
Dünýä meşhur erteki esasynda goýlan bu gurjak oýny agzybirligiň, aýdym-saza, ruhubelentlige ýugrulandyr.