Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Paýtagtymyzy arassa, owadan, bagy-bossanlyga öwürmeli” diýen pähiminden ugur alyp Alp Arslan adyndaky milli drama teatry tomaşaçylara dramaturg Baýram Abdyllaýewiň “Goja çynar“ atly spektaklyny hödürleýär. Baýram Abdyllaýewiň “Goja çynar“ atly spektaklynda türkmen maşgalasynyň durmuşy hakda söhbet açylýar. Atanyň öz perzentlerini ylymly-bilimli, öýli-işikli etmek hakdaky aladalary bu spektaklda öz beýanyny tapýar. Şeýle hem obada bitip oturan çynar agajynyň başga maksatlar üçin aýrylmaly däldigi, onuň obanyň bezegidigi hakdaky pikirler dürli keşpleriň üsti bilen açylyp görkezilýär. Spektaklyň soňunda ol çynara degilmän, gözelligiň nyşany hökmünde goýmak hakda netijä gelinýär. Spektaklda agzybirlik, parahatçylyk, birek-birek bilen dogry düşünişmek hakdaky pikirler öňe sürülýär.