Sahna barada maglumat

Bir we iki
Türkmen döwlet gurjak teatry

“Bir  we  Iki” atly sahna oýny. 

Bu oýun şagalaňly çagalar meýdançasynda başlanýar. Oýundaky wakalar Ene pişigiň, Bir we Iki atly pişijekleriň, Towuk we Geçi ýaly keşpleriň üsti bilen açylyp görkezilýär. Ol keşpleriň üsti bilen körpeleriň durmuşynda, ýolda, öýde özüňi nähili alyp barmalydygy, edep-ekramly bolmalydygy, ulularyň pendine gulak asmalydygy ündelýär. Şeýle hem oýunda mukaddes enä bolan belent söýgi özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Oýnuň aýdym-saza ýugrulmagy, onuň has şüweleňli, täsirli bolmagyna getirýär.

 “Bir we Iki” atly oýun uly terbiýeçilik ähmiýetine eýedir.