Sahna barada maglumat

Habyl bilen Kabyl
DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ NURMUHAMMET ANDALYP ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY

G.Daňatarowyň “Kabyl bilen Habyl” atly oýnunyň ýordumy gadymy rowaýatlardan alnyp, ol adamzadyň durmuşynda ilkinji gezek bolup geçýän wakalaryň taryhyndan gürrüň açýar. Adam ata bilen How enä Alla tarapyndan nesli köpeltmek üçin ekiz bolup doglan çagalarynyň taýlaryny çalşyp är-aýal etmeklik buýrulan. Emma sahna oýnunyň gahrymany Kabyl öz ekiz taýyna ýagňy Yklyma aşyk bolýar. Şeýtan olaryň arasyna düşýär. Maşgalada kynçylykly günler başlanýar. Oýunda adamzadyň Alla tarapyn berlen pähim-parasady bilen duş gelýän kynçylyklary ýeňip geçişi gyzykly wakalaryň üsti bilen açylyp görkezilýär. Sahna oýny ynsanlary agzybirlige, adalatlylyga, ruhubelentlige çagyrýar.