Sahna barada maglumat

Ene toprak
DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ NURMUHAMMET ANDALYP ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY

Diňe gyrgyz edebiýatynda däl, eýsem dünýä edebiýatynda nusgawy ýazyjy hasaplanýan Çingiz Aýtmatowyň «Ene toprak» atly powestini teatryň oýun goýujy režissýory Guwanç Baýmedow sahna diline geçirdi we sahnalaşdyrdy. Bu eser 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň ýalynly ýyllaryndan gürrüň berýär. Eseriň baş gahrymany Tolganaý ene derek boýly üç ogluny, olaryň yz ýany bilen bolsa adamsy Suwankuly urşa ugradýar. Ol öz ýanýoldaşynyň, ogullarynyň uruşdan aman-sag gelmegi üçin tylda gahrymanlarça zähmet çeken mährem eneleriň, zenanlaryň keşbi bolup orta çykýar. Adamsynyň, perzentleriniň ajy habaryny alan ene öz içki syryny, ýürek awusyny ene toprak bilen paýlaşýar. Şeýle ýagdaý diňe gyrgyz halkynyň däl, eýsem duşmana garşy aýgytly göreş alyp baran beýleki halklaryň ählisiniň başyna inen agyr hasrat. Şeýle bolansoň, oýna tomaşa edeniňde şol agyr ýyllardan öz halal zähmeti arkaly ýeňiş bilen çykan türkmen zenanlarynyň, mährem enelerimiziň keşpleri göz öňüňde janlanýar. Bu bolsa eseri, sahna oýnuny nusgalyk derejä çykarýar.