Sahna barada maglumat

Bibijan
DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ NURMUHAMMET ANDALYP ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY

“Bibijan” atly sahna oýny „Görogly“ şadessanynyň “Ar alyş” şahasy esasynda sahnalaşdyryldy. “Bibijan” atly sahna oýnunda Görogly Agaýunus perä öýlenenden soň, agasy Genjim begiň gyjalat bermegi bilen, Reýhan arapdan ar almaga ýola düşýär. Syrdaşy hem iň ýakyn dosty Gyrat bilen uzak hem külpetli ýollary söküp, Reýhan arabyň ýurduna barýar. Ýeňňesine duşýar we onuň maslahaty bilen Reýhanyň gyzy Bibijany alyp gaýdýar. Reýhan arap bilen bolan birnäçe çekeleşikli ýagdaýlardan üstün çykyp, Bibijany Çandybile getirýär. Ony agasy Genjime nikalap berip, uludan toý tutýar.


KEŞPLERI  DÖREDÝÄN ARTISTLER:

 

Bibijan

artist Oguldurdy Arazweliýewa. 

 

Görogly

artist Tirkeş Garlyýew. 

 

Gülendam

artist Maýsa Nazarowa. 

 

Genjim

Türkmenistanyň at gazanan artisti Halmyrat Şyhyýew. 

 

Köse

Türkmenistanyň at gazanan artisti Meretdurdy Seýitow.    

 

Taýmaz beg

artist Hemra Muhadow. 

 

Reýhan arap

artist Bekmyrat Hallyýew. 

 

Bedrüstem

artist Meýlis Gylyjow. 

 

Seýtek gyrma

artist Öre Gaýybow. 

 

Beki saňsar

artist Rahmanberdi Kakaýew. 

 

Hajy sumsar

artist Haldurdy Esenýazow.

 

Mirem

artist Begenç Mädalyýew. 

 

Gammar

artist Döwran Bekdurdyýew. 

 

Köpçülik sahnalarda teatryň artistleri.