Sahna barada maglumat

Batyr ýürekli
DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ NURMUHAMMET ANDALYP ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY

Gaýypdurdy Jumaýewiň “Batyr ýürekli” atly oýny halkymyzyň belli ertekisi bolan “Hudaýberdi gorkak” ertekisi esasyndadyr. Eseriň baş gahrymany Hudaýberdi Batyr özüniň pähim- paýhasy, edermenligi, ugurtapyjylygy bilen baýyň gyzy Kesirjäni ogurlan Ýeserje kempirden üstün çykyp, Kesirjäni halas edýär. Şeýle-de ol adamlara azar ýamanyny görkezýän zalym döwi hem öz  ugurtapyjylygy bilen amana getirip, ony dogry ýola salmagy başarýar. Oýunda Hudaýberdi batyryň we beýleki birnäçe gahrymanlaryň keşplerinde türkmen halkynyň edermenlik- batyrlyk, pähim-parasatlylyk ýaly ajaýyp häsiýetlerini aýdyň görmek bolýar.