Sahna barada maglumat

Andalyp
DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ NURMUHAMMET ANDALYP ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY

Öremyrat Öwezowyň „Andalyp“ atly sahna oýnunda türkmen nusgawy  edebiýatynyň esasyny goýujyjylaryň biri bolan  Nurmuhammet Andalybyň ömri  we döredijiligi barada gürrüň açylýar. Sahna oýnunda Nurmuhammet Andalybyň „Oguznama “ poemasyny, „Gül - Bilbil“, “Leýli - Mežnun“, „Zeýnelarap“, „Babaröwşen “ ýaly ölmez-ýitmez dessanlary şeýle-de goşgular toplumynyň döredişi gyzykly wakalaryň üsti bilen görkezilýär. Nurmuhammet Andalybyň döredijilik işiniň  daşyndan saz döretmek, ussaçylyk  bilen meşgul bolandygy bize  mälim. Oýunda  onuň ömür durmuşy, jykyr bolsa şahyryň döredijiliginiň nyşany  hökmünde gyzykly sahnalaryň üsti bilen görkezilýär.         
 

KEŞPLERI ÝERINE ÝETIRÝÄNLER: 

    
Derwüş baba

artist Meretdurdy Seýitow, artist Guwanç Saryýew. 

 

Andalyp

artist Hemra Muhadow. 

 

Andalybyň ýaşlygy

artist Süleýman Hojaýew.

 

Muhammetrahym

artist Annageldi Orazgeldiýew.

 

Seýitmuhammet

artist Şyhyýew Halmyrat, Tirkeş Garlyýew. 

 

Resul beg

artist Bekmyrat Hallyýew.

 

Gül

artist Ogulgerek Şyhyýewa. 

 

Hasan batyr

artist Hudaýberdi Baýryýew, Begenç Mädalyýew.

 

Nökerler

artistler Şatlyk Allamyradow, Babadurdy Babaýew, Haldurdy Esenýazow.

 

Ýaşulylar

artistler Orazmuhammet Orazmedow, Pirnepes Hojanepesow. 

 

Ýigitler

artistler Baky Agamedow, Şatlyk Allamyradow.

 

Şägirtler

artistler Döwran Bekdurdyýew, Rahman Kakaýew.

 

Köpçülik sahnalarda teatryň artistleri.