Bu eseriň žanry komediýa. Muňa garamazdan eser maşgala durmuşynyň derwaýys meselelerini orta atýar. Öz ömür ýoldaşyňa bolan hormat meselesi, gelin bilen gaýynyň arasyndaky sylaşyk, maşgala gatnaşyklary bu eserde çeperçilik bilen janlanýar. Bir daýhan gyzynyň hukukçy oglana durmuşa çykarylmagy we olaryň arasyndaky toýdan soňra döreýän söýgi, gaýyn enäniň gelnini öz kämillik mekdebinden geçirmegi bilen bagly wakalaryň komediýasy eseriň gyzykly bolmagyna itergi berýär. Eseriň häzirki ýaşlarymyz we tomaşaçylarymyz üçin terbiýeçilik ähmiýeti juda uludyr.
KEŞPLERI DÖREDÝÄN ARTISTLER:
Karima
artist Çemengül Şukurowa.
Walijon
artist Alijon Hemraýew.
Mähri
artist Gülbahar Gurbankulyýewa.
Bagtyýar
Türkmenistanyň at gazanan artisti Babamyrat Aşyrow
Alijon
artist Döwletgeldi Hojanazarow.
Bahadur
artist Rozmyrat Öwezow.
Aziza
artist Mamajan Allaberdyýewa, Gülälek Şaýmerdanowa.
Maksuda
artist Orazjemal Arazmammedowa, artist Laçyn Amannazarowa.
Awazbek
artist Wepa Sadykow, Çary Rahmankulow.