Bu eserde ösümlikler dünýäsini öwrenýän talyplaryň tejribelik işi üçin herisi öz obalaryna gitmekçi bolýandygyndan başlanýar. Bir talyp şäherli bolansoň ony talyp ýoldaşy öz obasyna alyp gidýär. Obada bolup geçýän wakalar şäherli oglanyň ykbalyndaky öwrülişikleriň peýda bolmagyna getirýär. Ol öz söýgüsini tapýar. Emma obaly oglanyň şäherde öz söýgülisi bar. Gyz jigisi ony bilýär we ejesi bilen bilelikde olaryň syryny açmak üçin oýun gurnaýarlar we oýunlaryna-da özleri aldanýarlar. Söýgi ýaly mukaddes hem päk duýgy bilen hiç haçan oýun edip bolmajagy hakynda bu sahna oýny waka janlandyrýar. “Oýundan oýmak çykar” diýip danalar ýöne ýere aýtmaýarlar ahyry.